Şu ýylyň 3 — 7-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň
Stambul şäherinde «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa
dürli ýurtlardan kino işgärleriniň 70-den gowragy öz döreden filmleri bilen
gatnaşdylar. Türki döwletleriň kino sungaty boýunça işleýän wekilleriniň
gatnaşmagynda guralýan kinofestiwalyň maksady kinematografiýa babatda halkara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň
medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Abraýly
halkara kinofestiwala ýurdumyzyň kinematograflary tarapyndan döredilen
filmleriň gatnaşdyrylandygyny we olaryň festiwalyň ýörite baýraklaryna mynasyp
bolandygyny bellemek gerek. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny
şertlendiren bu hoş habar ýurdumyzda milli kino sungatynyň ösüşiň täze
derejesine çykýandygyny äşgär edýär. Festiwal Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet
we syýahatçylyk ministrliginiň, Halkara kino birleşiginiň, Türki medeniýetiň
halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), «TRT» teleradiokompaniýasynyň guramagynda
geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň
wekilleri, ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmen
kinematograflarynyň abraýly kinoforumyň eminler toparynyň düzümine goşulmagy
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk babatda abraýynyň barha belende
galýandygyny görkezýär.
Häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde medeniýet ulgamynda
halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere,
festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny nygtamak gerek. «Gorkut
ata» kinofestiwalyna-da Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan
surata düşürilen «Gürgenç gözeli Törebeg» atly çeper film gatnaşdyryldy.
W.Işangulyýewiň režissýorlyk eden bu filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp
boldy.
Festiwalyň
ýapylyş dabarasy Stambul şäherindäki Atatürk medeniýet merkezinde geçirildi. «Gorkut
ata» halkara kinofestiwalynyň jemlerine laýyklykda, doly göwrümli çeper
filmleriň arasynda «Iň gowy film» baýragyna Türkiýe Respublikasynyň, «Iň gowy
režissýorçylyk işi» baýragyna Azerbaýjan Respublikasynyň, «Iň gowy erkek keşbi»
baýragyna Özbegistan Respublikasynyň, «Iň gowy zenan keşbi» baýragyna Russiýa
Federasiýasynyň, «Iň gowy ssenariýa» baýragyna Gyrgyz Respublikasynyň
kinematograflary mynasyp boldular. Gazagystan Respublikasynyň kino ussatlary
bolsa eminleriň ýörite baýragyny eýelemegi başardylar. Dabarada ýurdumyzyň
wekiline filmiň mynasyp bolan kubogy gowşuryldy. Şeýle hem festiwalyň
çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Ýeňişli ädimler», «Küştdepdi»
atly filmleri görkezildi.
Ýurdumyzda
milli kino sungatynyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde döredilýän
mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan sungat ussatlarymyz täze döredýän
eserleri bilen dünýä çykýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Festiwalyň
maksatnamasynyň çäklerinde dürli duşuşyklar we döredijilik söhbetdeşlikleri,
«Gorkut ata» I halkara kino simpoziumy hem geçirilip, «Bozdag» kinostudiýasyna
gezelenç guraldy.
Halkara
festiwala gatnaşan ýurdumyzyň wekilleri kino sungatyny ösdürmek ugrunda döwlet
derejesinde zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.