Düýn – 14-nji maýda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy
Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller
palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.
Jenap Endo Toşiaki
türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara
gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi. Hormatly
Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki
saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň
häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine
ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma
bildirilip pikir alşyldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn
üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk
toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk
ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak,
geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar.
Pursatdan
peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen
halkyny bu şanly sene, şeýle-de ýakynlaşyp gelýän baýram – Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.