milli goshun logo
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
20.11.2020 1048 Habarlar

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon ýokary okuw mekdepleriniň — Tokio we Sukuba uniwersitetleriniň hem-de Kitasato uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi goşuldy.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligine Türkmenistany özleri üçin has giňişleýin açmaga, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden türkmen halkynyň medeniýeti, özboluşly däpleri, halk döredijiligi hem-de ruhy gymmatlyklary barada ýapon dilinde maglumat almaga mümkinçilik döretdi.