Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň dowamynda «Çalyk Holding»
kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy.
Işewür bu kompaniýanyň
ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady. Mundan
başga-da, «Çalyk Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik, energetika
desgalarynyň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigi, Hazar deňziniň
kenarýakasynda gurulýan elektrik stansiýasynyň bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy
döwletlere eksportyny artdyrmaga, ony doganlyk Türkiýe Respublikasyna we
beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.
Soňra iş saparynyň
çäklerinde Gahryman Arkadagymyz «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň
başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşdy.
Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda hususy pudak boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy, bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.