Düýn – 18-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň
başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türk işewüri Gahryman
Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkiýäniň iri kompaniýasynyň
ýolbaşçysy häzirki döwürde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň
başynda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga
beriljekdigini habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz işewüriň bu
gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we «Rönesans Holding»
kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny
kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan bilen
Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde iki halkyň taryhy-medeni hem-de dil babatda
umumylygynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda işewür
Türkmenistanda bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini
ara alyp maslahatlaşmaga örän şatdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.