milli goshun logo
Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş sapary
Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş sapary
29.06.2024 137 Habarlar

Düýn – 28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň barşynda Milli Liderimiz häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, şol ýerde «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. E.Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Soňra lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.