Düýn – 4-nji iýulda Astanada türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk
meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň
barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin
meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary
anyklaşdyryldy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, söwda-ykdysady
ulgam onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ynsanperwer
gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň,
bilelikdäki çäreleri, hususan-da, döredijilik çärelerini guramak tejribesini
dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.