29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi.
Halkymyzyň baý medeni mirasynyň subutnamalary bolan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň nusgalary sergi diwarlyklarynyň ajaýyp derejede üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň joşgunly çykyşlary baýramçylyk çärelerine ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr.