Şenbe güni – 22-nji iýunda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyrdy.
Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary
depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, täze şäherde gurulmagy
meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp,
birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ýeri gelende,
taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli
düzümlere halkara güwänamalaryň berlendigini bellemelidiris.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu
ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi
G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri
ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk
görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.