Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky
ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk
işleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny
ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada, Arkadag
şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdiler.
Soňra Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow assosiasiýanyň
düzümlerinde alnyp barylýan işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän
giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke
bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, şeýlelik bilen, olaryň baş
sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi.
Gahryman
Arkadagymyz täze doglan taýy synlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze
doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselelerini
öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.