milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
31.05.2024 302 Habarlar

Düýn – 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde D.Orazowyň we G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda geçiriljek köpçülikleýin welosipedli ýörişiň, bu ýerde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamalary we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary baradaky hasabatlar diňlenildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ştab-kwartirasynda gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çaganyň saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar edilen düzüme öwrülendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli ilerledilmelidigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.