Düýn – 26-njy aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR»
atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen
gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen
duşuşdy.
Milli Liderimiz halkymyzyň hem-de
umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna
guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katarina-Irena
Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň
belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri bu ýerden Arkadag şäheriniň köpugurly stadionyna geldi. Döwrebap
stadionda «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri türgenleşik geçýärler. Gahryman
Arkadagymyz futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen
gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda
futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi
hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli
waka öwrülendigini aýtdy. Futbolçylar Arkadag şäherinde göwnejaý ýaşamak, dynç
almak, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur
mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türgenler türkmen
sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.