Şenbe güni – 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen
Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň
dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary,
gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we
bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Iş maslahatynda, şeýle hem ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy.