Şenbe güni – 27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.
Gurluşyk işlerinde iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy iş tejribesiniň netijeli peýdalanylmagy ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde «akylly» şäheriň binalarynyň timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdelere, mermer daşlarynyň hil derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa işleriň ýokary ekologik talaplara, halkara ülňülere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus reňk sazlaşygynyň emele getirilmeginiň, her welaýata degişli senetçilik aýratynlyklarynyň görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.