28-nji
iýunda dynç güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna we “Altyn köle” baryp
gördi. Bu bolsa çagalaryň dynç alyş möwsüminiň ýatda galyjy wakalara
beslenmegini şertlendirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Ahalteke atçylyk
toplumyň ýapyk manežine geldi. Bu ýere milli Liderimiziň agtygy, at çapmakda
ussatlygyň ýokary derejesini, bedew seýislemekde birnäçe gezek kämilligini
görkezen Kerim ajaýyp ahalteke bedewlerini açyk maneže alyp geldi.
Şu pursatda döwlet
Baştutanymyzyň uly agtygy Enejan bedewiň suratyny çekmäge başlady. Milli
Liderimiziň beýleki agtyjagy Aýgül özüniň zehin siňdirip dokan alajasyny
bedewiň boýnuna dakdy. Hormatly Prezidentimiziň agtyjagy Aýjeren hem özüniň
bedewiň boýnuna dakmak üçin niýetläp alaja dokandygyny aýtdy. Aýjeren dokan
alajasyny behişdi bedewiň boýnuna dakdy. Döwlet Baştutanymyz agtyjaklarynyň
döreden el işlerine guwandy.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen “Altyn kölüne”
geldi. Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýörite suw ulagyna münüp, kölde
birnäçe öwrüm etdi. Tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirýän
çagalar bu purstatlara has-da begendiler.
Döwlet
Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi
ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde uly adamlar üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem oňyn şertleri
özünde jemleýän dynç alyş-sagaldyş merkezleri hereket edýär.