Düýn – 26-njy iýunda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler
bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.
Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.