Düýn – 3-nji aprelde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä
baryp gördi.
Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň
öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny
tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen,
ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna
mynasyp goşant goşýan dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy.
Bu ýerde häzirki zaman dokma toplumlarynyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa
önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän
dokma toplumlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede
enjamlaşdyrylandygynyň, olarda ýokary hilli önümleriň öndürilýändiginiň
nobatdaky beýanydyr.
Soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak arkaly
ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek meselelerine döwlet
derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň
hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna giň ýol açýar.