Düýn – 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş
saparynyň çäklerinde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» XV halkara
ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe
duşuşyklary geçirdi.
Russiýa bilen Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki,
durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda
yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy
maksadydyr. Şu ýyl «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza
ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar.
Onuň şygary «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» bolup durýar.
«Russiýa – Yslam
dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: adalatly,
köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisiniň geçirilmegi özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädime öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu
mejlisde çykyş edip, Russiýa we yslam dünýäsi hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne
çekiji ykdysady hem-de tehnologik nusgasyny görkezmelidigini belledi. Şunuň
bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu forumda
Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny
işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Mejlis
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe möhüm ähmiýetli
duşuşyklara gatnaşdy.