24-nji martda geçirilen iş maslahatynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň öňünde amala
aşyrylmaly işleri tabşyryp, möhüm wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiz onlaýn söwdany ýola goýmagy hem-de
sargytlary eltip bermek ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy, munuň özi işleri häzirki
döwrüň ýagdaýlaryna laýyk alyp barmaga mümkinçilik berer.
Döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we
innowasiýa ýoly bilen ösdürip kämilleşdirmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň
işini sazlaşykly utgaşdyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny
tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny
pugtalandyrmakda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky
maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şu işlerde kiçi we orta telekeçilige uly orun degişlidir. Döwlet tarapyndan hususy işewürlige yzygiderli goldaw berilmegi ulgamyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu işleri dowam etmek barada görkezme berdi.