milli goshun logo
Milli Liderimiz işewür bilen duşuşdy
Milli Liderimiz işewür bilen duşuşdy
28.06.2024 117 Habarlar

Düýn – 27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Bu sapar hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berdi.