20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.
Kottej toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi.
Soňra günüň wakalary Içeri işler ministrliginiň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap kottejler toplumynyň bina edilen Çoganly ýaşaýyş toplumynda dowam etdi.
Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz jaýlara barýan ýoluň ugrundaky toý derwezesiniň golaýyndaky toý bagyny kesdi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çägine girip, dolandyryş binasyna tarap ugrady. Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna hem Içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.