milli goshun logo
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna bardy
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna bardy
21.01.2024 662 Habarlar

Düýn – 20-nji ýanwarda ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedew bilen didarlaşyp, gezelenç etdi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýan Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň Athana toplumynyň binalary, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary we toplumyň iş otaglarynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

 Arkadag şäherinde täze athana toplumynyň guralmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigini görkezýär.

Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyza Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, senagat ugurly desgalaryň, muzeýiň, Saglyk öýüniň, Ýangyna garşy göreş gullugy binasynyň, «Saglyk» seýilgähiniň teklip edilýän şekil taslamalary, Arkadag şäheriniň Baş metjidiniň içki bezeg aýratynlyklaryna, lukmançylyk edaralaryna degişli nyşanlaryň görnüşlerine degişli taslamalar görkezildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.