«Türkmenistan –
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy.
Ýurdumyzyň taryhy işleri dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde-de, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda-da, şonuň ýaly-da, Watan
goragçylarynyň ykbalyndan, gündelik durmuşyndan söhbet açýan Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynda-da öz teswirlemelerini tapýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan,
milli merdanalaryň durmuşyna degişli iň derwaýys maglumatlary öz okyjylary
bilen paýlaşýan «Milli goşun» žurnalynyň şu sanynyň süňňünden taryhy işleriň
beýany eriş-argaç bolup geçýär.
Žurnalyň bu sany hem çeper, syýasy
we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, 2018-nji ýylda Watan
goragçylarynyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli seneleriň ýylýazgysyny, harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşyň ruhubelentligini we Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň geçirýän bäsleşiklerini
beýan edýän makalalar bellärliklidir. Bulardan başga-da, žurnaldaky makalalarda
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen müň bir derwezeli galadan, BMG-niň alyp
barýan işlerinden, Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň
maglumatlaryndan we kiber howplaryň ýetirip biljek zyýanlaryndan söz açylýar.
«Milli goşun»
žurnalynyň bu sanynda heňňamlara hemra bolan aňtawçylyk sungaty hakyndaky makala hem orun berildi. Žurnalyň soňky böleklerine
tehnologiýa täzeliklerine, gadymyýetiň çuňlugyndan söhbet edýän harby-taryhy we
ylmy makalalar, şeýle-de güýmenje üçin test we skanword ýerleşdirildi.
Giň okyjylar
köpçüligine niýetlenen žurnalymyzdaky maglumatlaryň ählisi-de, Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň terbiýeçilik we söweşjeň taýýarlyk
babatyndaky dünýägaraýyşlaryna oňyn täsir etjekdigine bil baglaýarys. Žurnalyň sahypalaryndan
geçmiş dogrusyndaky taryhy, şu gün hakdaky hakykaty we ertirler baradaky
aladalaryň beýanyny tapmak bolýar. Žurnalymyzyň söýgüli okyjysy boluň, žurnalymyza
özüňiziň şahsy goşantlaryňyzy goşmaga wagt tapyň. Ol goşant siziň
teklipleriňizden we döredijiligiňizden ybaratdyr.
Döredilýän
ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň
sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
«Milli goşun».