milli goshun logo
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi
26.12.2022 812 Habarlar

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, seýilgäh zolaklarynyň, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklarynyň, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleriniň şekil taslamalary görkezildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda merkeziň ikinji tapgyry boýunça gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada maglumat berildi.

Hormatly Arkadagymyz hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny, ýurt abadançylygyny, il-ýurt bähbitli ýerine ýetirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem işden boş wagtlary çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli öz oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirendigini aýdyp, täze döreden goşgusyny okap berdi.