15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň
häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp,
alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş
metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň täze merkeziniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň
häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy
meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen
baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol
sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy
meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyza metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany,
reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işlere degişli maglumatlardyr
görkezijiler barada habar berildi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag
şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly
Arkadagymyz häzirki döwürde jemgyýetiň azatlygyny, halkymyzyň erkin we bagtyýar
durmuşyny üpjün etmegiň özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridigini belläp, täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen
bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk
abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.