milli goshun logo
Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady
Milletiň ruhy dünýäsi — Watanymyzyň bakylyk binýady
07.09.2020 722 Habarlar

5-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu kitabyň neşir edilmegi milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dabara medeniýet we sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyrlar. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ajaýyp edebi — filosofiki eseriniň neşir edilmegi umumydünýä medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder.

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dür dänesini özünde jemleýän nobatdaky eseriň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Arkadag Prezidentimiziň galamynyň astyndan çykmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, serkerdeleriň, esgerleriň we harby talyplaryň, şeýle hem hormatly myhmanlaryň we beýlekileriň gatnaşmagynda milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly edebi-filosofiki kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde Ýüzlenme kabul etdiler.