Ýaşyl Tugumyz – milletimiziň
mertebesi. Onuň pasyrdaýşyna her säherde gözi düşen türkmeniň göwni al-asmanda
ganatlanýar. Ol ýüreklerde ýagşylyk umydyny oýarýar. Baýdagyň öňünde mertlik
kasamy içilipdir. Watan goragçylary milli Tugumyzyň öňünde kasam edip, Watany
janyndan hem eý görüp, öz watançylyk borçlaryny berjaý edýärler. Ata
Watanymyzyň mukaddes Tugy halkymyzyň asyrlarboýy arzuw eden beýik
Garaşsyzlygynyň datly miwesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly,
türkmeniň gerçek goç ýigitleri ýyndam bedewlerini segredip, bütin dünýäni
okkesdirme geçipdirler. Baýdagyna, il-gününe wepalylygy, birsözlüliligi,
namysjaňlygy bilen dünýä taryhyna adyny ýazypdyrlar. Her bir atly goşunda
baýdak göteriji bolmak mertebe saýylypdyr. Mert, dogumly, batyr, güýçli, garadangaýtmaz
ýigitler türkmen baýdagyny al-asmanda parlatmaga mynasyp görlüpdir. Mundan
başga-da, iň söweşjeň, batyr ýigitlerden onlarçasyny baýdagy goramak üçin
töwereginde goýupdyrlar. Hakyky watançy ýigitler Baýdak üçin başlaryny orta
goýupdyrlar. «Ser bererin, ýer bermerin» diýip, mukaddes topragyny jan-tenden
söýüpdirler. Watanyň bir daban ýeri, bir gysym topragy üçin şirin janlaryny
gurban edipdirler.
Ata-babalarymyz ata Watana söýgüsini
Baýdaga siňdiripdirler. Biziň günlerimize gelip ýeten bu asylly ýörelgeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam
etdirilýär. Ussat türkmen türgenleri, ylym-bilime ymykly baş goşan ýaşlar dünýä
ýüzünde ýaşyl Baýdagymyzy pasyrdadyp, halkymyzyň adyny şöhrata besleýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her binanyň, öýüň depesinde
şanly ösüşlere ruhlandyryjy ýaşyl Baýdagymyz belentden parlaýar. Türkmenistanyň
Döwlet baýdagy agzybirligiň, rahatlygyň, asudalygyň baýdagydyr. Şunuň özi
halkymyz üçin beýik mertebe, uly şan-şöhrat, elýetmez bagtdyr. Ol ýeňişleriň we
toýlaryň baýdagydyr.
Ýaşyl Baýdagymyzyň toýy – Milli
Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyz bilen barýan
rowaçlyklaryna beslenen toýudyr. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň
ýaşyl Tugy asuda asmanymyzda baky parlasyn!
Baýramyňyz gutly bolsun, eziz
ildeşler!