03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Mert ogullar şan getirýär halkyna
Mert ogullar şan getirýär halkyna
25.09.2018 327 Habarlar | Harby Durmuş

Düýn, Ruhyýet köşgünde geçirilen ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň yzysüre, Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Wiktorowiç Blohini kabul etdi. Ol Ruhyýet köşgüniň zalynda döwlet Baştututanymyzyň atasy – türkmeniň söwer ogly, ilhalar mugallym, watanperwer ynsan, edermen esger Berdimuhammet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin berlen ýokary döwlet sylagyny, ýagny «Edermenligi üçin» atly medalyny gowşurdy.

Bu medalyň gowşurylmagy bilen ömrüni Watan söýgüsinden püre-pürlän gerçegimiziň at-owazasynyň belli bir çäkde saklanmaýandygynyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Gahryman Arkadagymyz medaly çuňňur buýsanç bilen kabul edip, onuň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň muzeýinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň taryhyna, şu gününe, geljegine şan getiren bu medaly hormatly Belent Serkerdebaşymyz Goranmak ministrine gowşuryp, medalyň ýaş esgerleri, täze ýeňişlere we bu ugurda uly üstünliklere ruhlandyrjakdygyna uly ynam bildirýändigini aýtdy.

Doganlyk Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» atly medalynyň Eziz Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň muzeýine ynanylmagy harby gullukçylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Çünki munuň özeninde älem ýüzüne ses getiren şular ýaly hoş habarlaryň  geljekde hem dowamatynyň kesilmezligi bilen baglanyşykly asylly syýasat ýatyr. Bu medal ýaş harby gullukçylara we ýaş esgerlere görelde mekdebi bolup, müdimilik hyzmat eder!