Täze taryhymyzda şöhlelenişi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň
Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň
wekiliýeti 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny
amala aşyrdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň dowamynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň
wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Gahryman
Arkadagymyz duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty
döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän ähli
ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi. Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlygyň,
durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýanyň we halkara gatnaşyklaryň
ynsanperwerleşdirilmeginiň häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň hatarynda
durýandygyny nygtady.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa
döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan
bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady
hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň käbir
makroykdysady görkezijilerini mysal getirdi.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.