2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkent şäherinde
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi,
duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we
Gazagystan Respublikasynyň Ilkinji Prezidenti-Ilbaşy gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar:
Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitde durnuklylygy,
howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, onuň köp millionly ilatynyň
abadançylygyny üpjün etmäge umumy gyzyklanmasyndan ugur alyp,
Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň
köptaraply özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit kooperasiýasyny
çuňlaşdyrmaga we sebitiň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga umumylykda çalyşýandygyna esaslanyp,
tutuş sebitiň möhüm we zerur meselelerini
ylalaşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak esasynda
gepleşikler we geňeşmeler arkaly çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji
derejedäki hem-de esasy ornuny belläp,
Merkezi Aziýa döwletleriniň möhüm halkara
meselelerini çözmäge bilelikde işjeň gatnaşýandygyny, howpsuzlyk, daşky gurşawy
goramak, ykdysady, durmuş, ylmy-tehnologik, medeni we ynsanperwer ösüş babatda
öňe sürýän hem-de durmuşa geçirýän başlangyçlarynyň giň halkara ykrar
edilmegini gazanýandygyny belläp,
Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply
hyzmatdaşlygynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda
işjeňleşdirmegiň we pugtalandyrmagyň doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine
laýyk gelýändigi hem-de sebitde ykdysady we durmuş ösüşiniň, parahatçylygy,
durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň esasy şerti bolup durýandygy barada
garaýyşlaryň birdigini tassyklap,
döwletleriň arasynda syýasy taýdan ynanyşmagy we
özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady, maýa
goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, serhet we
sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyndan ugur alyp,
halkara terrorçylygyna, dini ekstremizme,
neşeleriň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa, serhetüsti guramaçylykly
jenaýatçylyga we kiberhowplara garşy göreşde arkalaşykly hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berip,
Merkezi Aziýa döwletleriniň 1998-nji ýylyň 2-nji
ýanwarynda Aşgabat şäherinde bolan duşuşygynyň hem-de Merkezi Aziýa
döwletleriniň baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Nur-Sultan
şäherinde bolan Konsultatiw duşuşygynyň taryhy ähmiýetini, şeýle hem gazanylan
ylalaşyklary taraplaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň möhümdigini belläp,
sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak maksady bilen, zerur bolan gepleşik usuly hökmünde Merkezi
Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň yzygiderli Konsultatiw duşuşyklarynyň
guralmagy baradaky başlangyjyň amala aşyrylmagynyň sebitde köptaraply döwletara
hyzmatdaşlygyny we kooperasiýasyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam
berjekdigini tassyklap, şular barada beýan edýärler:
Halkara işleriniň depginli ösýän, täze howplaryň,
şol bir wagtda-da Merkezi Aziýa döwletleriniň durnukly ösmegi üçin täze amatly
mümkinçilikleriň döreýän şertlerinde olaryň arasynda ynanyşykly gepleşiklere,
syýasy geňeşmelere we iş ýüzündäki hyzmatdaşlyga isleg köp esse artýar. Bu
mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyzyň bähbitlerine peýdalanyp, Merkezi Aziýanyň
howpsuz we gülläp ösýän sebit hökmünde berkarar bolmagyna çalyşmaly.
Daşkent şäherindäki häzirki nobatdaky Konsultatiw
duşuşyk Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň alnyp barlyşyny hemmetaraplaýyn
ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi hem-de sebitiň ähli döwletleriniň
özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň peýdasyna tarap ugry seçip alandygyny
tassyklady.
Ýokary derejedäki Daşkent Konsultatiw duşuşygy
milli ykdysadyýetleri depginli ösdürmek, biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň durmuş
derejesini ýokarlandyrmak, sebitde köptaraply gatnaşyklary giňeltmek we
çuňlaşdyrmak üçin has amatly şertleri döretmek maksadyny goldanyp, Merkezi
Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
Ýokary derejedäki Konsultatiw duşuşyk söwda, ykdysadyýet,
maýa goýumlary, ulag we üstaşyr gatnawlar, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy,
daşky gurşawy goramak, energetika, suw serişdeleri, syýahatçylyk, ylym hem-de
medeniýet babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan
ugurlaryna, görnüşlerine we usullaryna hemmetaraplaýyn seretmäge mümkinçilik
berdi.
3. Merkezi Aziýada emele gelen sebitleýin
ýakynlaşmak meýli taryhy taýdan şertlenen hakykatdyr. Syýasy, howpsuzlyk,
sebitde durnuklylygy saklamak we durnukly ösüşi gazanmak babatda sebit
hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň düýpli
bähbitlerine laýyk gelýär, olaryň arasynda doganlyk gatnaşyklary has-da
berkitmäge ýardam berýär, Merkezi Aziýanyň ägirt uly ykdysady we medeni
ösüşdäki mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge hyzmat edýär.
Häzirki ýagdaý ýokary derejede, şeýle hem
bäştaraplaýyn syýasy geňeşmeler görnüşinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary
işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmek arkaly sebitiň
döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we
ösdürmegi talap edýändigini hem-de onuň zerurlykdygyny görkezýär.
4. Merkezi Aziýada syýasy gepleşikler we döwletara
ýakynlaşmagyň oňyn ýagdaýlary açyk hem-de netijeli häsiýete eýedir we üçünji
taraplaryň bähbitleriniň garşysyna gönükdirilen däldir. Ileri tutulýan anyk
ugurlarda, ozaly bilen, sebitiň baý ykdysady we adam mümkinçiliklerini doly
derejede amala aşyrmak meselelerinde sebit gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny
ösdürip, taraplar durnukly, açyk we depginli ösýän sebit, ygtybarly hem-de
öňden belli halkara hyzmatdaşy hökmünde Merkezi Aziýanyň berkarar bolmagyna
ýardam berýär.
Sebitiň döwletleri köptaraply utgaşdyrmagyň we
kooperasiýanyň düzümini emele getirmäge umumydünýä meýillerini göz öňünde
tutup, hyzmatdaşlary bolan beýleki ýurtlar, halkara we sebit guramalary bilen
sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek we ykdysady ösüşiň
mümkinçiliklerini giňeltmek maksatlaryndan ugur alyp, açyk ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga mundan
beýläk hem çalşarlar.
5. Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň mümkinçilikleri
goňşy Owganystanda parahatçylygy gazanmak bilen baglydyr.
Biz Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça
halkara tagallalarynyň işjeňleşmegini makullaýarys we goldaýarys hem-de şunuň
bilen baglylykda, bu ýurtda parahatçylygy we ylalaşygy goldamakda dünýä
bileleşiginiň tagallalarynyň dowamy hökmünde Owganystan boýunça sebitleýin
ykdysady hyzmatdaşlyk babatda 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabat
şäherinde geçirilen VII maslahatyň (RECCA VII) hem-de Owganystan boýunça
2018-nji ýylyň 26-27-nji martynda geçirilen «Parahatçylykly ýagdaý, howpsuzlyk
babatda hyzmatdaşlyk we sebit arkalaşygy» atly Daşkent maslahatynyň, şeýle hem
2018-nji ýylyň sentýabrynda Nur-Sultan şäherinde geçirilen «Owganystanda
zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly Birinji sebit
maslahatynyň netijeleriniň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belleýäris.
Owganystanda durnukly we uzak möhletli
parahatçylygy gazanmak maksady bilen, biz syýasy taýdan düzgünleşdirmegiň esasy
ýörelgelerini saklamak, ozaly bilen, zorlukdan gaça durmak, ok atmagy bes
etmek, gepleşiklere we ylalaşyga taýýarlygy bildirmek zerur diýip hasap
edýäris.
Merkezi Aziýa döwletleri Owganystany parahatçylykly
ýagdaýy üpjün etmäge ýardam berjek sebitleýin söwda-ykdysady we üpjünçilik
ulgamlarynyň taslamalaryna çekmek boýunça hemmetaraplaýyn tagallalaryny dowam
etmegi maksat edýärler.
6. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri sebit
hyzmatdaşlygyny çaltlandyrmaga hem-de halkara giňişliginde öz sebitiniň umumy bähbitlerini
we talaplaryny öňe sürmäge möhüm goşant goşýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
kabul eden «2018 — 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw» (2016-njy ýylyň
dekabry), «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly
ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmak» (2018-nji ýylyň iýuny), «Merkezi Aziýada radiasiýa howpunyň
öňüni almakda halkara bileleşiginiň orny» (2018-nji ýylyň noýabry), «Magaryf we
dini sabyr-takatlylyk» (2018-nji ýylyň dekabry), «BMG bilen Araly halas etmegiň
halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» (2018-nji ýylyň apreli we 2019-njy
ýylyň maýy) atly we beýleki rezolýusiýalary ýaly, iri halkara-syýasy başlangyçlary
işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan
üstünlikleri aýratyn üns berilmegine mynasypdyr.
Taraplar Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat
zolak hakyndaky Şertnamanyň çäklerinde sebitiň döwletleriniň netijeli işleri
alyp barýandygyny bellediler.
Biz BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň
çäklerinde özara hyzmatdaşlygy dowam etmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygy,
durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen täze
başlangyçlary hem-de taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagy we öňe sürmegi
maksat edinýäris. Bu oňyn meýil sebitimiziň halkara-syýasy ösüşiniň häzirki
döwürdäki talaplaryna laýyk gelýär, dünýä bileleşiginde Merkezi Aziýanyň
hyzmatyny we ornuny pugtalandyrmaga, biziň ýurtlarymyzyň dünýä giňişlikdäki
agramyny hem-de täsirini güýçlendirmäge ýardam berýär.
7. Merkezi Aziýada özara goldaw bermek we özara
bähbit ýörelgelerine esaslanan netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
zerurdygyny belläp, taraplar iri ykdysady taslamalary, aýratyn-da, sebitiň
ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge we energetika kuwwatyny ösdürmäge,
deňiz portlaryna hem-de dünýä bazarlaryna durnukly çykmagy üpjün etmäge,
üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, häzirki zaman halkara logistika, söwda we
syýahatçylyk merkezlerini döretmäge, täze kärhanalary gurmaga, innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen
taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerinde sebit hyzmatdaşlygyny
utgaşdyrmagy pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýärler.
Merkezi Aziýa döwletleri sebiti senagat taýdan
ösdürmek babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasatynyň ileri tutulýan
maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän häzirki zaman önümçilik üpjünçilik
ulgamlaryny döretmek boýunça bilelikdäki çäreleri görmäge taýýardyr.
Şunuň bilen baglylykda, biz Merkezi Aziýanyň ulag
geçelgeleriniň netijeli sebit ulgamyny döretmek we onuň ägirt uly üstaşyr
gatnaw mümkinçiligini amala aşyrmak babatda işjeň dowam etdirmegi maksat
edinýändigimizi tassyklaýarys. Deňiz portlaryna we täze daşarky bazarlara örän
gysga çykalgany üpjün edýän özara bagly sebit ulag ulgamynyň döredilmegi
Günorta Aziýany, Hytaýy we Ýewropany birleşdirýän ählumumy ulag geçelgesi
hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň ornuny dikeltmek işini güýçlendirer.
Sebitde ulag ulgamyny ösdürmek boýunça
başlangyçlary we taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmagy çaltlandyrmaga sebitiň
ýurtlary gyzyklanma bildirýärler, munuň özi halkara söwdasynyň depginli
ösmegine we möçberlerine, üstaşyr ýük akymlarynyň artmagyna, çig maly,
enjamlary hem-de taýýar önümleri daşamagyň bahasyna oňyn täsir eder.
Biz sebitiň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygyny
artdyrmaga gönükdirilen iş ýüzündäki hereketleri amala aşyrmagy, şol sanda
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýükleri öz çäkleri boýunça daşamagynyň tertibini
düzgünleşdirýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi maksat edinýäris.
8. Merkezi Aziýa döwletleri daşky gurşawy goramak,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitiň ilaty üçin onuň ýaramaz
netijelerini azaltmak babatda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge
gyzyklanma bildirýärler.
Şu maksat bilen, biz Aral deňziniň sebitinde
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýäris.
Sebitde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns bermek bilen,
Merkezi Aziýa döwletleri buzluklaryň eremek, Aral deňziniň sebitiniň we uran
ammarlarynyň meselelerini çözmekde öz tagallalaryny netijeli utgaşdyrmak üçin
hereket ederler. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçiliklerini
hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döredilen Aralýaka sebiti
üçin adam howpsuzlygy boýunça Köptaraply hyzmatdaşlygyň trast gaznasynyň
serişdelerini sebite täze bilimleri, innowasion tehnologiýalary çekmek, «ýaşyl»
ykdysadyýetiň ýörelgelerini toplumlaýyn ornaşdyrmak, mundan beýläk-de
çölleşmegiň, ekologiýa migrasiýasynyň öňüni almak we beýleki çäreler boýunça iş
ýüzündäki wezipeleri çözmek üçin peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýarys.
Merkezi Aziýada suw-energetika serişdelerini
aýawly hem-de adalatly peýdalanmagyň möhümdigini belläp, biziň ýurtlarymyz,
ähli taraplaryň bähbitlerini hasaba almak bilen, bu ugurda uzak möhletli we özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işi dowam ederler.
9. Sebitiň döwletleri sebitiň has durnukly bolmagy
we gülläp ösmegi hem-de häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine jogap hökmünde
öz ýurtlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin umumy tagallalary arkaly
sebitde ösüşiň hem-de howpsuzlygyň ähli galan meselelerini düzgünleşdirmek
boýunça mundan beýläk-de zerur bolan bilelikdäki çäreleri görmegi maksat
edinýärler.
Şu maksat bilen, anyk ugurlar, ýagny
söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, durmuş ösüşi, howpsuzlyk hem-de wehimlere we
howplara garşy göreşmek we ş.m, boýunça özara hereket etmegiň sebit derejesinde
ylalaşylan netijeli görnüşlerini döretmäge ýardam bermek zerurdyr.
10. Biz ylym we bilim, magaryf, medeniýet, sungat
hem-de sport, ýaşlary goldamak we syýahatçylygy ösdürmek babatda ysnyşykly
hyzmatdaşlygy hem-de sebit arkalaşygyny, alyşmalary hem-de gatnaşyklary
ösdürmegi höweslendirmek we goldamak boýunça tagallalara ygrarlydyrys.
Taraplar ýaşlaryň meselelerine hemişe aýratyn üns
bermegiň hem-de ýaş adamlary öz mümkinçiliklerini amala aşyrmakda goldamaga,
şeýle hem sebitiň döwletleriniň ýaşlar guramalarynyň arasynda medeniýet, ylym,
tehnologiýalar, telekeçilik we beýleki ugurlar babatda gatnaşyklary hem-de
hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary
kabul etmegiň zerurdygy hakynda ylalaşdylar.
Sebitiň döwletleri Merkezi Aziýanyň umumysebit
medeni we ylmy gazananlaryny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän
gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary gorap saklamak, pugtalandyrmak we ösdürmek
maksady bilen, görkezilen ugurlarda özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy dowam
ederler. Biz Merkezi Aziýanyň baý taryhy, medeniýeti, medeni ösüşi,
syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligi baradaky bilimleri öz ýurtlarymyzda we
bütin dünýäde ýaýratmagy hemmetaraplaýyn höweslendirmäge gyzyklanýarys.
11. Daşkent Konsultatiw duşuşygy, däp bolşy ýaly,
dostluk, mähirlilik we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.
Biz sebitiň bäş döwletiniň baştutanlary görnüşde ýokary derejedäki her ýyllyk
geňeşmeleri dowam etmegi özümiziň maksat edinýändigimizi tassyklaýarys hem-de
şunuň bilen baglylykda, sebitimizde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ynanyşyp,
netijeli we açyk ara alyp maslahatlaşmak hem-de umumy meseleleri çözmek üçin,
sebitleýin gepleşik usuly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň
yzygiderli Konsultatiw duşuşyklaryny döretmek barada ylalaşdyk.
Şunuň bilen baglylykda, biz daşary işler
ministrleriniň yzygiderli maslahatlaryny we bilermenler derejesindäki
mejlisleri geçirmegi hem öz içine alýan, Merkezi Aziýa döwletleriniň
baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklaryny guramak boýunça işleriň Reglamentini
kabul etdik.
12. Taraplar Gyrgyz Respublikasynyň 2020-nji ýylda
döwlet baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň başlyklyk edýän tarapy
hökmünde çykyş etmek hem-de onuň kabul edilen Reglamente laýyklykda geçirmek
teklibini tüýs ýürekden goldaýarlar.
Taraplar myhmansöýerligi we Konsultatiw duşuşygyň
ýokary derejede geçirilendigi üçin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdiler.
Daşkent şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry