Bahar paslynyň
ilkinji günlerinde, ýetip gelýän Halkara zenanlar güni «Türkmenistan –
rowaçlygyň Watany» ýylynda hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp bahar
baýramçylygyna bagyşlanyp diňe bir şowhunly dabaralar däl, eýsem, gözel
zenanlarymyzyň gatnaşmaklarynda dürli görnüşli bäsleşikler hem geçirilýär.
Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde
hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekde orny uly bolan şeýle bäsleşikleriň
biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zenan harby gullukçylarynyň arasynda
«Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» ady bilen geçirildi. Bäsleşigiň maksady
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde harby gullugy geçýän zenan harby
gullukçylaryň başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny, harby hünäre bolan
söýgülerini, sowatlylygyny, sahna ussatlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup
durýar. Görküne görk goşýan türkmen milli şaý-seplerine beslenen harby gullukçy
zenanlar öz aralarynda 5 şert, ýagny özüňi tanyşdyrmak, goşgudyr aýdym
aýdyşmak, edermen zenan şahsyýetlerimiziň keşbini janlandyrmak, çeper el
işlerini ýerine ýetirmek, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp,
milli tagamlary taýýarlamak ýaly ugurlardan bäsleşdiler. Emin agzalaryň gelen
netijelerine görä, bäsleşigiň jemi şeýle jemlendi. Ýagny, 1-nji ýere Aşgabat
garnizonyndan kapitan Tawus Tagandurdyýewa, 2-nji ýere Mary garnizonyndan borçnama
boýunça harby gullugyň starşinasy Ogulnabat Ýakubowa, 3-nji ýere Türkmenabat
garnizonyndan kapitan Manzura Bibitowa we Serdar garnizonyndan kapitan Altyn
Babagulyýewa dagylar mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we
gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Milli goşun».