Şu gün Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň gününe
bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Ilki bilen, dabara gatnaşyjylar bu
ýerde harby gullukçylaryň gazanan üstünliklerini, özboluşly bezeg
aýratynlyklary bolan harby lybaslaryny, türkmen alabaýlarynyň ajaýyp keşbi
siňen heýkelleri özünde jemleýän sergä aýlanyp gördüler. Harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň lybaslaryndaky türkmen alabaýlarynyň heýkelleri hemmäniň ünsüni
özüne çekdi.
Soňra baýramçylyk dabarasynyň
geçirilýän ýerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.
Merdana kalplarda watansöýüjilik ruhuny döreden dabaranyň dowamynda Watan goragynda yhlasy, zähmeti, güýç-gaýraty bilen tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, nobatdaky harby atlaryň dakylmagy Watanyň gerçek ogullaryna döwletimiz tarapyndan goýulýan hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby atlaryny uly buýsanç bilen kabul eden Watan goragçylary Döwlet baýdagymyza togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Olar mukaddes borja wepalylyk bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik göreldesine eýerip, ata Watanymyzy jan aýaman gorajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.