Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýändigini yglan edýär.
Oňa gatnaşmaga – kinorežissýorlar, dramaturglar, operatorlar, öz zehinini görkezmek isleýän kino senagatynyň işgärleri we muşdaklary çagyrylýar.
Onuň guramaçylary oňa gatnaşýanlaryň öňünde gysga metražly filmde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň bermegi baş wezipe edip goýdular.
Ilkinji wideoşekiller eýýäm kabul ediş toparyna gelip gowuşdy. Materiallaryň ählisi DVD-disklerde ýa-da fleşkada kabul edilýär.
Ygtybarly emin agzalary iň gowy kinorežissýor, iň gowy senariý, iň gowy kinooperatorlyk işi, iň gowy kinomontažçysy, filmiň iň gowy kompozitory we nakgaşy ugurlaryndan döredijilik işlerine garar, şol sanda bäsleşigiň Baş baýragynyň we emin agzalarynyň halan işiniň ýeňijisi saýlanar.