24-nji fewralda ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna,
welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw
möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda
dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň
saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.
28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak
işi tamamlanandan soňra, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli
dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat işlerini, saýlawçylary
bilen duşuşyklary geçirmek, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda,
maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň
mümkinçilikler dörediler.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji
komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde
gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam
hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.