Gadyrly «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň ýeňijileri!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Sizi hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy, şeýle hem «Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýen abraýly baýraga we hormatly atlara eýe
bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny,
döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Gadyrly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzda durmuşa geçirýän taryhy özgertmelerimiz, alyp barýan giň gerimli işlerimiz
mähriban Watanymyzy dünýä derejesindäki ösüşlere besleýär. Biz ähli ulgamlarda
uly ösüşleriň gazanylmagyny şertlendirýän, ylmy esaslara daýanýan iri möçberli
döwlet maksatnamalaryny kabul etdik. Şol maksatnamalar esasynda häzirki döwürde
bedew bady bilen barha ynamly öňe barýan Diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni
babatda düýpli ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, bagtyýar
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli
işleri amala aşyrýarys, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen
ýylda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň ähli
watandaşlarymyz bilen birlikde, medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem
buýsandyrýandygyna, olary täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýandygyna
ynanýaryn.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen
medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny düýpli ösdürmek, döredijilik işgärleriniň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak işlerine uly ähmiýet berýäris.
Täze döredilýän şäherlerde, döwrebap obalarda medeni maksatly binalary
gurýarys. Bu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan düýpli maýa goýumlary
gönükdirilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň
möçberli işleri kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy
giňden wagyz etmek ýaly asylly işler bilen berk baglanyşyklydyr.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz
döreden eserleriniň kämilligi, çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen aýratyn
tapawutlanan medeniýet, sungat işgärlerine hormatly atlary dakyp, döwlet
sylaglaryny gowşurýarys. Medeniýet we sungat işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny,
zehin-aýratynlyklaryny aýdyň ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik
bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň
merjen däneleri», ýaş aýdymçylaryň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly we beýleki
döredijilik bäsleşikleri sungaty ösdürmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze
çykarmaga ýardam edýär. Bu bäsleşikleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki belent abraýynyň, düýpli ösüşleriniň,
ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň,
jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda
gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden
şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döretmekde uly ähmiýeti bardyr. Biz bu
ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Biz Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyna täze
zähmet üstünlikleri bilen barýarys. Ajaýyp döwrümiziň eşretli günlerinden kalby
ganatly watandaşlarymyz Garaşsyzlyk baýramymyzy mynasyp sowgatlar bilen
garşylamak ugrunda uly joşgun bilen zähmet çekýärler. Hemişelik Bitarap
Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramynyň
öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini
geçirmäge, onda ýurdumyzyň gülläp ösmegine, agzybir halkymyzyň bagtyýar
durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga
taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul etjek derwaýys
çözgütlerimiz, döwletli kararlarymyz mähriban Watanymyzyň geljekde ösüşiň täze
belentliklerine göterilmegine, raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda
ýaşamaklaryna, işlemeklerine uly ýardam berer. Bu işleriň hem medeniýet, sungat
we söz ussatlarynyň döredijiliginde uly orun aljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly döredijilik işgärleri!
Medeniýet we sungat ussatlary!
Sizi Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28
ýyllyk baýramy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň ýeňijileri bolmagyňyz, şeýle hem hormatly atlara we döwlet
sylaglaryna mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Siziň her biriňize berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW