«Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Medeniýet hepdeligi
– 2024» milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň
işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.
Sungat baýramçylygynyň çäreleri özüne
çekijiligi we mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Medeniýet hepdeliginiň
çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň,
neşir önümleriniň sergileri guraldy. Şygryýetiň, halk döredijiliginiň
muşdaklary edebiýat agşamlaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
medeniýet, sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşdylar. Köp sanly ýaşlar hem
öz zehinini görkezdi. Sahna ussatlary bu waka mynasybetli döredijilik
sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günlerde geçirilen mowzuklaýyn maslahatlarda, iş
maslahatlarynda, «tegelek stol» duşuşyklarynda, brifinglerde taryhy-medeni
mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungatyň dürli žanrlaryny
ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de şunda sanly
tehnologiýalary ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni forumyň jemleýji gününde
Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň
ýadygärliginiň etegine gül desseleri goýuldy. Baýramçylyk güni türkmeniň
nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik
agşamy guraldy.