milli goshun logo
Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün
Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün
25.06.2020 583 Habarlar

Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.

Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Wideoduşuşyklary geçirmek, elektron kitaplary wagyz etmek baradaky meseleler, şeýle hem oba ilatyna hyzmat etmek boýunça kitaphanalaryň şahamçalarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler maslahata gatnaşyjylaryň esasy ara alyp maslahatlaşan meseleleriniň hatarynda boldy.

Günüň ikinji ýarymynda şäheriň täze «Derek» bagynda uly dabara geçirildi—folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyş boldy. Hepdeligiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Goly sazly, tili sözli Görogly» diýen sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Teatr toparynyň görkezen täze işi, halk gahrymany Görogly baradaky ähli sahna eserleri ýaly çuňňur watançylyga ýugrulandyr, gaýtalanmajak milli öwüşginlerine, sahna keşpleriniň aýdyňlygyna baýdyr, sahna bezegleri köpdürlüdir.

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi — 2020-niň üçünji gününiň ahyrynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda konserti geçirildi.