Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet
hepdeliginiň nobatdaky güni hem köp öwüşginli çärelere baý boldy. Oňa
gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň
döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem, milli tansy
we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki
döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar oba medeniýet öýleriniň işini ösdürmek we kämilleşdirmek, oba ýaşaýjylaryny döredijilige, medeni ösüşe we sungat babatdaky bilime, şol sanda halk teatrlaryny guramak işine çekmek üçin medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek hem-de ony geljekde hem netijeli we doly ulanmak mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.
Agşam
dabaralar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda dowam etdi. Şol ýerde,
aýdymçylaryň we sazandalaryň howandary Aşyk Aýdyň piriň ýadygärliginiň öňündäki
meýdançada Diýarymyzyň bagşylarynyň we dessançylarynyň gatnaşmagynda «Bitarap
Watanyň bezegi-nagşy, Şirwan perdä galyp çalsana bagşy» atly dabara geçirildi.
Artistleriň ýerine ýetirmeginde dessanlar hem-de halkymyzyň söýgüli aýdymlary
ýaňlandy.