22-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş
dabarasy boldy. Her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda
giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet gününe gabatlanyp guralýar hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak bilen
döredijilik işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny höweslendirýär.
Medeniýet hepdeligi — 2020-niň açylyş
dabarasy Ruhyýet köşgüniň öňündäki «Görogly» meýdançasynda geçirildi. Dabaralar sungat ussatlarynyň, dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaş aýdymçylaryň, meşhur aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli çäreler şäheriň, Dostluk seýilgähinde dowam etdi, bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem muzeý gymmatlyklary görkezildi.
Döredijilik
çäresiniň birinji güni «Görogly» meýdançasynda açyk asmanyň astynda belli
aýdymçylaryň gatnaşmagynda guralan «Bitarap Watanym — ýürek joşgunym» atly uly
baýramçylyk konserti bilen jemlenildi.