Şu
gün Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň
wise-prezidenti Leýla Aliýewa ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde myhman mähirli garşylandy.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla
Aliýewany Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.
Myhmana duz-çörek hödür edilip, gül desseleri gowşuryldy.
Haly
düşelen ýodajygyň ugrunda ellerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet
baýdaklary bolan çagalar aýdym-sazly çykyşlary bilen myhmany mübäreklediler.
Howa
menzilinde mähirli we şatlyk-şowhun bilen garşylanylandan soňra, bu ýerdäki
ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti
Leýla Aliýewanyň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Oguljahan
Atabaýewa myhmany Aşgabatda garşylamaga we görmäge örän şatdygyny aýtdy hem-de
bu ýerde guraljak çäreleriň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki depginli
ösdürilýän döwründe öňde durýan asylly maksatlary durmuşa geçirmegiň bähbidine
iki ýurduň we olaryň halklarynyň barha ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigine ynam
bildirdi.
Leýla
Aliýewa mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen
halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy
hem-de türkmen paýtagtynda meýilleşdirilen çäreleriň netijeli geçjekdigine ynam
bildirdi.
Myhman
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw
bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralýan «Ene
— tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Soňra
Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa howa menzilinden ugradylar.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa
Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ştab-kwartirasyna baryp gördi.
Milli
Liderimiziň parasatly binagärlik başlangyçlary esasynda iri möçberli taslamasy
amala aşyrylan we durmuşa geçirilmegi dowam edýän Arkadag şäheri uly
täsirliligi bilen ünsi çekýär. Gün-günden gözelleşýän bu şäheriň keşbinde
häzirki zamanyň ösen tejribesi we binagärligiň döwrebap usullary öz beýanyny
tapýar. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly
depginde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny
çaltlandyrmak ugrunda degişli düzümleriň tagallalary utgaşdyrylýar. Ikinji
tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we gurluşyk işlerinde
ulanylýan serişdeleriň berklik we amatlylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna
laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala
aşyrylmagyny we Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi
binagärlik sazlaşygyna eýe bolmagyny üpjün edýär.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda myhmany gaznanyň wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.
Soňra
haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar
Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilelikde ýadygärlik
surata düşdüler.
Soňra
bu ýerde Oguljahan Atabaýewa bilen Leýla Aliýewanyň arasynda ikitaraplaýyn
duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda
Oguljahan Atabaýewa myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda mübäreklemäge
şatdygyny aýdyp, hususan-da, «Ene — tebigat» atly serginiň açylyş dabarasyna
onuň hut özüniň gatnaşmaga gelendigi üçin hoşallyk bildirdi. Haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkmenistanda şeýle
ähmiýetli çäräniň guralýandygyny bellemegiň örän ýakymlydygyny aýdyp, şunuň
bilen baglylykda, degişli ugurda uly işleri amala aşyrýan Geýdar Aliýew
adyndaky gaznanyň berýän goldawlarynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, bu taslama esasynda sergi 2024-nji ýylyň noýabrynda Bakuwda geçirilen COP
29 maslahatynyň çäklerinde Geýdar Aliýew adyndaky merkezde ilkinji gezek
guraldy. Soňra sungatlaryň şeýle sergisi beýleki ýurtlarda, şol sanda
Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, ýakynda bolsa Ispaniýada üstünlikli
geçirildi. Oguljahan Atabaýewa bular barada aýdyp, Leýla Aliýewa we onuň bilen
şu ýerde, Türkmenistanda bu möhüm taslamanyň guralmagyna öz goşantlaryny goşan
hemme kärdeşlere, dostlara hem-de pikirdeşlere hoşallyk bildirdi.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti sözüni dowam
edip, sergide örän özboluşly, täsin işleriň jemlenendigine, Leýla Aliýewanyň
işleriniň hem örän inçeden nepis işlerdigine ünsi çekdi hem-de olara ertir
sergä gatnaşýanlaryň ýakyndan göz ýetirip synlap biljekdiklerine ynam bildirdi.
«Umuman,
«Ene — tebigat» atly serginiň sungatyň dilinde medeni gymmatlyklaryň ösmegine
ýardam berýändigine, şeýle hem her kimiň öz-özüne: «Eýsem, men daşky gurşawy
goramak üçin näme edip bilerin?» diýen sowaly bermegine kömek etjekdigine
ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada nygtap,
hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny hem-de yzygiderli
ilerledilýändigini, bu babatda şu ýylyň aýratyn ähmiýetli ýyl bolandygyny
aýtdy.
Oguljahan
Atabaýewa çagalaryň bähbidine iş alyp barýan haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş
işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde özüniň çagalaryň saglygyny goramak,
inklýuziw bilim, mätäç maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermek ulgamyny
öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn gyzyklanma
bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, goňşy hem-de uzaklardaky
ýurtlaryň tejribeleriniň öwrenilýändigi, bu işleriň hemmesiniň çagalaryň
abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýandygy, şu maksat bilen Hytaýyň Sun
Sinlin adyndaky gaznasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hem ýakyndan
hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi.
«Biz
bilelikde işlemegi, tejribe alyşmagy hem-de özara gatnaşyklarymyzy yzygiderli
ilerletmäge ýardam bermegi maksat edinýäris. Biz ähli netijeli tekliplere
açykdyrys» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady hem-de myhmana berk jan saglyk,
abadançylyk we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa
Aşgabada gelmäge çakylyk, şeýle hem mähirli garşylanandygy we bildirilen
myhmansöýerlik üçin hem-de türkmen paýtagtynda «Ene — tebigat» atly serginiň
geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy.
Leýla
Aliýewa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, häzirki wagtda
türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň taryhy köklerine,
medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan
strategik hyzmatdaşlygyň nusgalyk derejesini görkezýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyry ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň yzygiderli we okgunly ösdürilmegi üçin aýdyň ugurlary kesgitleýän
ýokary derejedäki syýasy dialog bilen häsiýetlenýär. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň
özara saparlary munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň
ahyrynda söhbetdeşler Aşgabatda geçiriljek «Ene — tebigat» atly serginiň
üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.
Soňra
myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine
baryp gördi. Bu ýerde bejergi alýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly
döredijilik çykyşlaryny görkezdiler.
Binanyň
içinde myhmana Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»
atly ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden
taýýarlanylan melhem çaýlardan hödür-kerem edildi. Lukmançylyk ylymlarynyň
doktory, alym lukman Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli bu eserinde ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler, olaryň taýýarlanylyş we
ulanylyş usullary barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Soňra
Leýla Aliýewa merkeziň bölümleri bilen tanyşdy. Oguljahan Atabaýewa myhmany bu
ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyryp, alnyp barylýan işler barada gürrüň
berdi.
Bellenilişi
ýaly, merkezde işleýän her bir lukmanyň, hünärmeniň öňünde durýan wezipeler
anyk kesgitlenildi. Olaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde öňde goýlan
wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda çagalaryň sazlaşykly ösüşine,
olaryň saglyk ýagdaýlarynyň doly derejede dikeldilmegine möhüm ähmiýet
berilýär.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa
merkezde çagalaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu babatda
myhmana bejergi alýan çagalaryň saglygyny, şol sanda daýanç-hereket ediş
agzalarynyň işini dikeltmek we beýleki zerurlyklar üçin bu ýerde döredilen
mümkinçilikler, bölümlerde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary, alnyp barylýan
işleriň oňyn netijeleri barada gürrüň berildi.
Merkezde
bolmagynyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa hem-de Leýla Aliýewa bu ýerde bejergi
alyp, saglygyny dikeldýän çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýlary
bilen gyzyklandylar. Çagalaryň ejeleri bu ýerde ähli amatlyklaryň
döredilendigini, lukmanlaryň tagallasy bilen bejergileriň üstünlikli
geçirilýändigini aýdyp, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde operasiýadan soňky
bejergiler üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Bu ýerde
çagalaryň boýun-oňurga we hereket ediş agzalarynyň dogry ösüşini üpjün edýän
ýöriteleşdirilen otaglar bolup, olar degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu
bolsa çagalaryň tiz sagalmaklaryna mümkinçilik berýär.
Leýla
Aliýewa merkezde döredilen şertler we mümkinçilikler bilen tanşyp, olara ýokary
baha berdi. Şeýle hem ol türkmenistanly çagalaryň bagtyýar nesillerdigini,
olaryň saglygyny dikeltmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda ýokary
derejede uly üns berilýändigine göz ýetirendigini nygtady.
Soňra
Oguljahan Atabaýewa we Leýla Aliýewa bilelikde Arkadag şäheriniň Görogly
adyndaky döwlet atçylyk sirkine ugradylar. Bu ýerde olar «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Ýurdumyzda we
daşary döwletlerde meşhur bolan bu toparyň çykyşlary örän täsirli medeni çärä
hem-de türkmen atçylygynyň baý däplerini, çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny
görkezýän dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrülýär.
Hormatly
Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, halkymyzyň
buýsanjy, gözelligiň we owadanlygyň nusgasy bolan behişdi bedewlerimiziň
dünýädäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galýar. Şeýle hem ýurdumyzda
milli atşynaslyk sungatymyzy we türkmen milli at üstündäki oýunlaryny dünýä
ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar toparynyň çykyşlary üstünlikli guraldy. 2025-nji ýylda Monte-Karloda
geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan
Türkmenistanyň meşhur atçylar topary bu ýeňişden soňky ilkinji çykyşlaryny
azerbaýjan tomaşaçylaryna hödürledi.
Çapyksuwarlarymyz
at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly hereketlerini, täsirli akrobatik tilsimleri
we ajaýyp sazlaşygy görkezdiler. Bu bolsa türkmen atçylyk sungatynyň ýokary
ussatlygynyň we köpýyllyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň
güwäsine öwrüldi. Özüne çekiji çykyşlaryň jemleýji böleginde atçylaryň
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp görkezen ussatlyklary has-da täsirli
boldy. Şeýlelikde, bu çäre milli gymmatlyklarymyzyň häzirki döwürde ýokary
derejede sarpalanylýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Soňra
medeni maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler paýtagtymyzda dowam etdi.
Magtymguly
adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki
orkestriniň konserti guraldy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda türkmen we
azerbaýjan sazlary, şol sanda kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen
sazlar ýaňlandy. Bu ýerde “Disney” kompaniýasynyň döreden meşhur multfilmlerine
ýazylan saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty bu ulgamda halkymyzyň milli
mirasyny we aýdym-saz sungatyny giňden ýaýmak bilen birlikde, dünýäniň ösen
ýurtlarynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga, şeýle hem halkara
gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet simfoniki orkestriniň bu
konsertini hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýdyň mysaly
hökmünde görkezmek bolar.
Konsert
türkmen-azerbaýjan medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şoňa görä-de,
şeýle çäreleriň geljekde hem yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna
ynam bildirildi.
Bu
çäreler ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Aşgabadyň hem-de
Bakuwyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülýär. Ol Türkmenistan bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändigine, netijeli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmekde
möhüm ähmiýete eýedir.
Konsert
maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň
hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.