milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
23.07.2024 147 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň dostlukly halkyna milli baýram – Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.