Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çili Respublikasynyň Prezidenti Gabriel Boriçe hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolagoýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gabriel Boriçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Çiliniň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.