Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa,
Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň
milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň
gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň
arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan
baýlaşdyrylýandygyny belläp, köpugurly hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine
mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden
peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa
parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.