milli goshun logo
Magtymgulynyň şygryýeti — medeniýet we sungat işgärleri üçin nusgalyk mekdep
Magtymgulynyň şygryýeti — medeniýet we sungat işgärleri üçin nusgalyk mekdep
29.06.2021 733 Habarlar

27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.

Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde öz eserlerinde Watanyny wasp eden akyldar şahyryň şygyr ussatlygyna we raýat edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda bu umumymilli baýramçylyk dabaralary aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillere neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär, onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Türkmen halky beýik şahyra aýratyn sarpa goýýar hem-de bu goşa baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda belleýär.