Ýurdumyza Birleşen Milletler
Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO)
hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž
şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy
mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu
guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek
hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza
döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk
dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip
goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus
Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň
we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen
halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk
baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.
Bu çözgütler hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni
diplomatiýanyň, şol sanda görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny
saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere
beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
ÝUNESKO-nyň 1992-nji ýylda döredilen «Dünýäniň hakydasy»
maksatnamasy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini —
kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde
ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly
halkara taslama bolup durýar. Maksatnama medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi
maksat edinýär.