Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähi gurlar. Gurluşyk meýdançasy hökmünde «Güneş» seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy, hem-de potratçysydyr.
Potratçy eýýäm desganyň gurluşygyna başlady. Ol ýerde takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda pajarlap gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar.
Daşkentde Özbegistan bilen Türkmenistanyň dostlugynyň hatyrasyna açylan «Aşgabat» seýilgähiniň indi birnäçe ýyl bäri bardygyny-da aýtmalydyrys.