Şu gün ýurdumyzda
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara
maslahaty öz işine başlady.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Nusgawy
türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän
ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy
kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge,
Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz
etmäge uly itergi berer» diýip belleýşi ýaly, bu forum «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda medeni ulgamda geçirilýän taryhy wakalaryň birine
öwrüldi.
Türkmen halkymyzyň
akyldar şahyrynyň hormatyna bagyşlanan bu halkara forumyň çäklerinde ýurdumyza
gelen myhmanlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşarlar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň baý
taryhyny hem-de medeni mirasyny, täze eýýamda gazanan ajaýyp üstünliklerini
synlamak üçin, paýtagtymyz Aşgabada, Arkadag şäherimize hem-de medeni-taryhy
ýerlere aýlanarlar.
Medeni ulgamda
halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjek bu halkara
maslahatyň Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik
şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy bilen utgaşykly gelmegi buýsandyryjy
ýagdaýdyr.