Şu gün – 31-nji maýda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty
tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy
düzümi, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de
ýaş watançylar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş eden merdana Watan
goragçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly
Pyragynyň belent şahsyýetiniň barha belende göterilýändigini, onuň watançylyga,
dost-doganlyga, parahatçylyga çagyrýan şygyrlarynyň halkymyza ýol-ýörelge
bolýandygyny nygtadylar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysy türkmen, rus we iňlis
dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilip, Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelipdir. Kitaba
akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi, watançylyk ýaly pelsepewi garaýyşlaryny beýan
edýän çeper şygyrlary girizilipdir.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen «Magtymguly» atly kitap ata Watana
bolan mukaddes söýgiňi kemala getirmekde merdana Watan goragçylary, şeýle hem
külli türkmen halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.