Medeniýet
hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde 26-njy iýunda Magtymguly adyndaky milli
sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek
görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk
sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we
öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi
işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini türkmenleriň ruhy mirasy hökmünde
açyp görkezýär, halkymyzyň kalbyny we dünýägaraýşyny şöhlelendirýän her bir
halk eseriniň täsinligini nygtaýar.
Taryhy
köklerimize sarpa goýmaga ýugrulan hem-de bagşyçylyk sungatynyň geljeginiň
has-da nurana boljakdygy barasynda ynama guwanja beslenen täze sahna oýnunda
ussatlar bilen birlikde, ýaş artistler hem hereket edýärler.