Maglumat – bu
ähli döwürlerdäki harby hereketlerde garşydaşyň serkerdelerine, goşunlaryna we
ilatyna täsir etmek maksady bilen işjeň ulanylan iň netijeli gurallaryň biri.
Maglumaty dürli görnüşde we usulda ulanmak arkaly, garşy tarapyň
hyzmatdaşlaryny, tarapdarlaryny azaltmak, ýolbaşçylygynyň kabul edýän
çözgütlerine täsir ýetirmek, agzyny alardyp güýçlerini bölmek, duşman
urşujylarynda gorky we howsala döretmek, olarda ýeňşe bolan ynamyň hem-de
goşuna berilýän goldawyň derejesini peseltmek ýaly maksatlara ýetilipdir.
Maglumatlar
eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän täze müňýyllykda internetiň ulanylyşynyň
dünýä derejesinde ýaýramagy, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giň
ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagy maglumat torlaryna esaslanýan täze
bir ölçegi – maglumat giňişligini emele getirdi. Bu giňişlikde döwletleriň,
guramalaryň, dürli maksatly we düzümli toparlanyşyklaryň hem-de aýratynlykdaky
fiziki taraplaryň maglumat torlaryny, maglumat we kommunikasiýa
tehnologiýalaryny kanuny we bikanun usullarda ulanmak arkaly öz bähbitlerini
üpjün etmäge ymtylyşlary häzirki zaman jemgyýetçiligi üçin deňsiz-taýsyz
mümkinçilikler bilen bir hatarda, adaty bolmadyk täze töwekgelçilikleri we
wehimleri döretdi. Şu günüň şertlerinde, şeýle mümkinçilikler hem-de
töwekgelçilikler, howplar we wehimler diňe bir döwlet, jemgyýet, raýat
durmuşynyň we gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda peýda bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, harby howpsuzlyk we goranyş çygrynda hem yzygiderli ýüze çykýar.
Dünýädäki
soňky harby hereketleriň tejribesi, indi harby maksatlara ýetmek üçin ummasyz
çykdajylary talap edýän we köpsanly adam ýitgilerine eltýän, sowutlanan harby
tehnikalar we agyr ýaraglar bilen ýaraglanan goşunlary ulanmaklyga daýanýan
adaty söweş usullarynyň ýerine, kiber hüjümleriň üsti bilen garşydaşyň aýratyn
wajyp döwlet desgalaryny, maglumat gorlaryny we dolandyryş ulgamlaryny hatardan
çykarmak ýa-da işini bökdemek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we
beýleki maglumat çeşmelerinde wagyz häsiýetli hem-de ýalan maglumatlary
ýaýratmak arkaly, halkara jemgyýetçiligine we ýurduň ilatyna ýakymsyz
täsirlerini ýetirmek ýaly maglumat giňişliginiň mümkinçiliklerini ulanmaklygyň
has ileri tutulýandygyny görkezýär.
Şunuň bilen
baglylykda, dünýäde maglumat gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda hem häzirki döwrüň
harby-syýasy ýagdaýynyň derejesini we geljegini esasy kesgitleýjileriň
hatarynda görkezilýär. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzda, «Türkmenistanyň
maglumat we kommunikasiýa ulgamyna, internet saýtlaryna ýa-da maglumat
gorlaryna kiberhüjümleriň edilmegi» hem-de «Watany goramak çygryndaky taryhy,
ahlak we watansöýüjilik däp-dessurlaryny bozmak maksady bilen, ýurduň ilatyna
maglumatlaýyn täsir edilmegi» döwletimiziň harby howpsuzlygyna abanýan esasy
wehimleriň arasynda agzalýar. «Harby-syýasy maksatlar bilen, Türkmenistanyň
döwlet özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna, çäk bitewüligine garşy
gönükdirilen we halkara parahatçylygyna, howpsuzlygyna, sebit durnuklylygyna
wehim salýan hereketleri amala aşyrmak üçin maglumat we kommunikasiýa
tehnologiýalaryny ulanmak töwekgelçiliginiň peselmegini üpjün edýän şertleri döretmek»
bolsa, şol wehimleriň garşysyna göreşmegiň esasy çäreleri hökmünde
kesgitlenýär.
Goranyş
häsiýetli Harby doktrinamyzdan ugur alyp, döwletimiziň harby howpsuzlygyny
kepillendirmek boýunça wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek, şol sanda maglumat
täsir ediş usullarynyň we serişdeleriniň barha kämilleşýän we başgalaşýan
hem-de diňe bir harby döwürde däl, eýsem, parahatçylyk döwründe hem barha işjeň
ulanylýan şertlerinde, maglumat giňişligindäki maglumat-tehniki we
maglumat-psihologiki häsiýetli töwekgelçilikleriň, howplaryň we wehimleriň
öňüni almak, olara barabar gaýtawul bermek, bu ugurda harby gullukçylaryň umumy
düşünjelerini ýokarlandyrmak hem-de ýörite harby hünärmenleri taýýarlamak
maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri tarapyndan anyk meýilnamalar
esasynda, ulgamlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynyň «Merdanalygyň milli
mekdebi» atly bölüminde: «Şu ýerde asyrymyzyň häsiýetnamasy bilen baglylykda
dörän ýene bir ugur barada aýdasym gelýär. Ol hem maglumatlar söweşidir. Maglumatlaryň asyrynda bu wehimden halas
bolmagyň ýoly hem ýene, esasan, maglumatlar bilen baglydyr. Söweşde mert ýeňmek
üçin, fiziki güýje we pähime gol salynýar. Bu ýerde hem ýeňşi pähimiň, sowadyň,
eserdeňligiň, ýiti üşükliligiň bilen ölçäp bolar diýip pikir edýärin» diýip
bellemegi, maglumatlar söweşiniň hemişe alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
«Watana söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy
bolmalydyr» diýen sözlerinden we Watan goragynyň mukaddesligi baradaky
pähimlerinden ruhlanyp, milli goşunymyzda şahsy düzüme türkmen halkynyň
watansöýüjilige ýugrulan şöhratly taryhyny, milli ruhy gymmatlyklaryny,
döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny öwretmek, Ýaragly
Güýçlerimiziň we halkymyzyň aýrylmaz jebisligini ündemek, harby-tertip düzgüni
berkitmek hem-de mukaddes harby borja we harby kasama baky wepaly gaýduwsyz
harby gullukçylary terbiýeläp ýetişdirmek bu ugurda goldanylýan esasy
ýörelgeler bolup durýar.
Ýagşymyrat KAKAJANOW, maýor.